Büyükelçinin Özgeçmişi
Ilçi Şener Jebeji, 1975-nji ýylda Trabzon şäheriniň Of etrabynda doguldy.
Bakalwr bilimini Orta gündogar tehniki uniwersitetiniň (Ankara) Halkara gatnaşyklar bölümünde 1998-nji ýylda tamamlady.
2005-2007-nji ýyllar aralygynda Londondaky Westminster uniwersitetinde “diplomatiýa” ugry boýunça magistratura derejesini aldy. Häzirki wagtda Hajettepe uniwersitetinde (Ankara) doktorlyk derejesi okuwyna dowam edýär.
Şener Jebeji 1998-nji ýylda Daşary işler ministrliginiň Kawkaz ýurtlary bölüminde işe başlap, 2002-2004-nji ýyllar aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Täjigistandaky Ilçihanasynda (Duşanbe) üçünji sekretar, 2004-2007-nji ýyllar aralygynda bolsa Türkiýe Respublikasynyň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyndaky Başkonsullygynda (London)wise-konsul we konsul bolup işledi.
2007-2009-njy ýyllar aralygynda Daşary işler ministrliginiň Işgärler bölüminde birinji sekretar, 2009-2012-nji ýyllar aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanasynda (Moskwa) birinji sekretar we geňeşçi bolup işledi.
Şener Jebeji Moskwadaky işinden soň, 2012-2014-nji ýyllar aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Bolgariýadaky Başkonsullygynda (Plowdiw) baş konsul bolup işledi.
2014-2027-nji ýyllar aralygynda Daşary işler ministrliginiň Administratiw we maliýe işleri müdirliginde bölüm müdiri bolup işlän Jebeji, 2017-nji ýylyň 11-nji iýulynda Türkiýe Respublikasynyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky Başkonsullygynda(Essen) baş konsul wezipesine bellendi.
2022-nji ýylyň başyndan başlap, Daşary işler ministrliginde ilki Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça jogapkär bölüm müdiri, soňra bolsa baş direktorynyň orunbasary bolup 2026-njy ýylyň awgust aýyna çenli işledi.
Şener Jebeji 2026-njy ýylyň 24-nji awgustyndan bäri Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly Ilçisi wezipesinde işleýär.
Şener Jebeji öýlenen we iki çagasy bar.
Iňlis we rus dillerini bilýär.
Pazartesi - Cuma
09:00 - 13:00 / 14:00 - 18:00
Büyükelçiliğimizin bulunduğu Göroglu Caddesi'nin eski adı olan "Şevçenko" olarak geçmekte olup Büyükelçiliğimizin sokak adı ve bina numarasıyla birlikte "Şevçenko 9" olarak tarif edilmesi kolaylık sağlayacaktır.
Ticaret Müşavirliği, Din Hizmetleri Müşavirliği, Kültür Müşavirliğimiz "Kültür Merkezi" olarak bilinen ayrı bir binada bulunmaktadır (Göroglu Caddesi 41, Ertugrul Gazi Camii'nin yanı).
Tatil Günleri 2026
| 1.01.2025 | 2.01.2025 | Yeni Yıl |
| 8.03.2025 | 9.03.2025 | Dünya Kadınlar Günü |
| 21.03.2025 | 22.03.2025 | Milli Bahar Bayramı (Nevruz Bayramı) |
| 30.03.2025 | 1.04.2025 | Ramazan Bayramı |
| 18.05.2025 | 19.05.2025 | Anayasa ve Bayrak Bayramı |
| 6.06.2025 | 9.06.2025 | Kurban Bayramı |
| 27.09.2025 | 28.09.2025 | Bağımsızlık Günü |
| 6.10.2025 | 7.10.2025 | Hatıra Günü |
| 12.12.2025 | 13.12.2025 | Uluslararası Tarafsızlık Günü |
+ 90 312 292 29 29
TÜRKİYE'DE YATIRIM İMKANLARI