Büyükelçinin Mesajı
Hormatly raýatlar,
Türkmen dostlarymyz,
Prezidentimiz jenap Rejep Taýýip Erdogan tarapyndan Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi wezipesine bellenenimden soň, 2026-njy ýylyň 28-nji awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar Berdimuhamedowa ynanç hatymy gowşurdym. Türkiýäniň Türkmenistandaky Ilçisi hökmünde işime başlamyma çuňňur mertebe we buýsanç duýýaryn.
Türkiýe, umumy taryhy, düýpli medeniýeti, ynanjy we dili paýlaşýan ata-babalarymyzyň watany bolan Türkmenistanyň garaşsyzlygyny ykrar eden we Ilçihana açan ilkinji ýurt bolmak artykmaçlygyna eýedir. Geçmişden häzirki güne çenli özara hormat, ynam we umumy bähbit esasynda ösýän gatnaşyklarymyz, şu gün “Iki döwlet, bir millet” düşünjesi bilen strategiki ölçeglere ýetdi.
Biz häzirki güne çenli bolşy ýaly, mundan soň hem, Türkmenistanyň garaşsyzlygyny we hemişelik bitaraplygyny goldamagy dowam etdireris. Daşary işler ministrliginde Merkezi Aziýa sebitine degişli öňki işimiň hem goşandy bilen, bu uzak möhletli gatnaşyklary ähli ugurlarda has-da ösdürmek meniň üçin iň esasy ileri tutulýan ugur bolar.
Biz, türkmen edaralary bilen syýasy, ykdysady, söwda, medeni we bilim pudaklarynda dowam edýän köpugurly hyzmatdaşlygymyzy, ýakyn gepleşikler arkaly çuňlaşdyrmagy maksat edinýäris. Biz, doganlyk Türkmenistanyň infrastrukturadan senagata, şäher gurluşygyndan ulag geçelgelerine çenli ähli ugurlarda amala aşyrýan uly ösüşli ädimlerini we öňdengörüji taslamalaryny haýran galmak we buýsanç bilen synlaýarys.
Türk kompaniýalarynyň we işewürleriniň bu ägirt uly taslamalara ygtybarly hyzmatdaşlar hökmünde gatnaşmagy, türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň türk işewürlerine bildirýän ynamyny görkezýär. Türk işewürleriniň Türkmenistanyň ýagty geljegine häzirki güne çenli bolşy ýaly mundan soň hem ýokary hili we tejribesi bilen iň güýçli goldawy bermegini dowam etdirjekdigine doly ynanýaryn.
Energetikadan ulag-aragatnaşyga, potratçylykdan özara maýa goýumlaryna çenli giň gerimi öz içine alýan bilelikdäki taslamalarymyz, diňe iki doganlyk ýurduň gülläp ösmegine däl, eýsem tutuş sebitiň durnuklylygyna we ösüşine hyzmat edýär.
Ilçihanamyzyň iň möhüm borçlarynyň biri hem Türkmenistanda ýaşaýan we iki ýurduň arasynda köpri bolup hyzmat edýän gymmatly raýatlarymyz bolan size goldaw bermekdir. Aşgabatdaky Ilçihanamyzyň we onuň bölümleriniň gapylary häzirki güne çenli bolşy ýaly mundan soň hem size hemişe açyk bolar. Size gerek bolan her pursatda iň tiz we ýokary hilli hyzmaty hödürlemek üçin ähli kärdeşlerim bilen bilelikde siziň ýanyňyzda bolmaga dowam ederis.
Bu döwürde siziň pikirleriňiz, teklipleriňiz we goşantlaryňyz bize hemişe ýol görkezer. Bizi mähir we dostluk bilen gurşap alan doganlyk Türkmenistanyň topragynda, gatnaşyklarymyzyň geljegini bilelikde gurjakdygymyza doly ynanýaryn.
Ýurdumyza syýahat etmek isleýän doganlyk Türkmenistanyň raýatlarynyň wiza üçin ýüz tutmalaryny iň tiz ýagdaýda netijelendirmek we amallary ýeňilleşdirmek biziň esasy maksatlarymyzyň biri bolup durýar. Hususan-da, iki ýurduň arasynda söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrýan, bilelikdäki maýa goýumlaryny amala aşyrýan türkmen işewürleriniň, şeýle hem Türkiýede okamak isleýän türkmen doganlarymyzyň syýahatyny ýeňilleşdirmäge çalışarys.
Şu duýgular we pikirler bilen, öz adymdan we Ilçihanamyzyň ähli işgärleriniň adyndan Türkmenistandaky raýatlarymyza çuňňur minnetdarlyk bildirýärin, doganlyk türkmen halkyna parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk bilen doly geljegi arzuw edýärin.
Şener
Jebeji
Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi
Pazartesi - Cuma
09:00 - 13:00 / 14:00 - 18:00
Büyükelçiliğimizin bulunduğu Göroglu Caddesi'nin eski adı olan "Şevçenko" olarak geçmekte olup Büyükelçiliğimizin sokak adı ve bina numarasıyla birlikte "Şevçenko 9" olarak tarif edilmesi kolaylık sağlayacaktır.
Ticaret Müşavirliği, Din Hizmetleri Müşavirliği, Kültür Müşavirliğimiz "Kültür Merkezi" olarak bilinen ayrı bir binada bulunmaktadır (Göroglu Caddesi 41, Ertugrul Gazi Camii'nin yanı).
Tatil Günleri 2026
| 1.01.2025 | 2.01.2025 | Yeni Yıl |
| 8.03.2025 | 9.03.2025 | Dünya Kadınlar Günü |
| 21.03.2025 | 22.03.2025 | Milli Bahar Bayramı (Nevruz Bayramı) |
| 30.03.2025 | 1.04.2025 | Ramazan Bayramı |
| 18.05.2025 | 19.05.2025 | Anayasa ve Bayrak Bayramı |
| 6.06.2025 | 9.06.2025 | Kurban Bayramı |
| 27.09.2025 | 28.09.2025 | Bağımsızlık Günü |
| 6.10.2025 | 7.10.2025 | Hatıra Günü |
| 12.12.2025 | 13.12.2025 | Uluslararası Tarafsızlık Günü |
+ 90 312 292 29 29
TÜRKİYE'DE YATIRIM İMKANLARI