WIZA MAGLUMATLARY

Aşkabat Büyükelçiliği 27.11.2024

WIZA MAGLUMATLARY

2024-nji ýylyň 16-njy dekabryndan başlap wiza ýüz tutmak isleýän Türkmenistan raýatlarynyň dykgatyna!

Türkiýä syýahatçylyk maksady bilen gidip Türkiýede 90 günden köp bolmagy maksat edinýän bolsaňyz, Syýahatçylyk wizasy ýa-da Sapar/Ýörite wiza “Ýaşamak üçin rugsatnama ýüz tutmak görnüşli wiza” ýüzleniň.

Ýaşamak üçin rugsatnama ýüz tutmak görnüşli wizanyň berilmegi halatynda Türkiýä girenden soň wizaňyzyň möhleti dolmazdan e-ikamet.goc.gov.tr salgysy arkaly syýahatçylyk görnüşli gysga möhletli ýaşamak üçin rugsatnama ýüz tutmagyňyz zerurdyr.

Syýahatçylyk maksady bilen gidip 90 günden az wagt syýahat etmek isleýän bolsaňyz umumy düzgünlere laýyklykda wiza ýüz tutuň. Umumy düzgünler esasynda alýan wizaňyz Türkiýede syýahatçylyk boýunça gysga möhletli ýaşamak üçin rugsatnama almagyňyzy üpjün etmeýär. Wiza möhletiňizgutarandan soň Türkiýeden çykmaly bolarsyňyz.

Wiza; Türkiýede her 180 (ýüz segsen) günde iň köp 90 (togsan) gün galmaklyk hukugy berýär. Agzalan düzgüne laýyklykda serhet geçelgelerinden yzyňyza dolandyrylyp bilinjekdigiňizi göz öňünde tutuň.

Türkiýede kanuny taýdan / resmi işlemek hukugy almagyňyz üçin işlemek üçin rugsatnama tertip-düzgünine göra ýüz tutmagyňyz we zerur rugsatlary almagyňyz zerurdyr. Ýaşamak üçin rugsatnama ýüz tutmak wizasy işlemek hukugyny berenok. Türkiýede bolanyňyzda ýeterlik we yzygiderli girdejiňiz bolmalydyr. Islendik wagt ýagdaýyňyzy tassyklaýan maglumat we resminamalara eýe boluň.

Wizaňyzyň kanuny dowamlylygy tamamlanandan soň Türkiýeden çykmazlyk ýa-da ýaşamak üçin rugsatnama haýyşyňyzyň ret edilmegi ýa-da ýaşamak üçin rugsatnamanyň ýatyrylmagy deportasiýa sebäpleriniň biridir. Şuňa laýyklykda zerurduýgurlylygy görkeziň.

Ýokardaky amallar we duýduryşlar diňe bir kanunçylyk bilen çäklenmän, eýsem daşary ýurt raýatlaryň peýdasyna syýahat we ýaşaýyş düzgünlerini meýilleşdirmek üçin hem talap edilýär.

Atatürk

Pazartesi - Cuma

09:00 - 13:00 / 14:00 - 18:00

Büyükelçiliğimizin bulunduğu Göroglu Caddesi'nin eski adı olan "Şevçenko" olarak geçmekte olup Büyükelçiliğimizin sokak adı ve bina numarasıyla birlikte "Şevçenko 9" olarak tarif edilmesi kolaylık sağlayacaktır.
Ticaret Müşavirliği, Din Hizmetleri Müşavirliği, Kültür Müşavirliğimiz "Kültür Merkezi" olarak bilinen ayrı bir binada bulunmaktadır (Göroglu Caddesi 41, Ertugrul Gazi Camii'nin yanı).
1.01.2022 Yılbaşı
8.03.2022 Uluslararası Kadınlar Günü
21.03.2022 22.03.2022 Bahar Bayramı (Nevruz Bayramı)
18.05.2022 Anayasa ve Bayrak Günü
27.09.2022 Bağımsızlık Günü
6.10.2022 Anma Günü
12.12.2022 Tarafsızlık Günü